Tizlikden ruhlanýan türgen
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Tizlikden ruhlanýan türgen

Jemgyýet
13.08.2024  320

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli awtomobil sporty has hem rowaçlanýar. Ýylyň-ýylyna türkmen awtosportçularynyň abraýly halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Şu ýylda Russiýadan Mongoliýa  uzan «Ýüpek ýoly — 2024» rallisinde türkmen türgenleriniň gazanan goşa ýeňşi ýurdumyzda sportuň bu görnüşini rowaçlandyrmak babatda döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Ýaryşyň T2 görnüşi boýunça Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleriniň ikinji we üçünji orunlara hem-de ralliniň «SILK WAY 2024» kuboklaryna eýe bolmaklary guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýaşyl Tugumyzy ýeňiş bilen belentde parladan ussat awtosportçularyň arasynda Daşoguz welaýatyndan Didar Orazmedowyň hem bardygyny buýsanç bilen nygtamak zerur. Sürüji Maksatmyrat Daňatarowyň hem-de şturman Didar Orazmedowyň ekipažy awtorallide üçünji orny eýelemegi başardy.

Bu türgenler 2023-nji ýylda Kazan — Moskwa ugry boýunça «Ýüpek ýoly — 2023» awtorallisinde hem üçünji orny eýelemegiň hötdesinden gelipdiler. Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» halkara ýaryşynda ralliniň T2 — ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglaryň ýaryşlarynda çykyş eden bu türkmen ekipažy ýene-de ýeňiş münberiniň üç basgançagyny eýelemegi başarypdylar.

Didaryň awtosporta ykbalyny baglamagynda kakasy Orazmyrat aganyň göreldesi bar bolsa gerek. Halypa tälimçi, Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ýygyndy toparynyň agzasy Orazmyrat Orazmedow hem bütin dünýäde uly gyzyklanma döreden «Amul — Hazar», «Kazan — Aşgabat» awtorallilerine gatnaşypdy. Didaryň özi hem «Amul — Hazar» awtorallisinde şowly çykyş edipdi.

Didar orta mekdepde okaýan döwürleri sport bilen meşgullanyp başlaýar. Ol ussat tälimçi Muhammet Nurmedowyň tälimçiliginde welosport boýunça türgenleşýär. Belki, ýokary tizlige bolan hyjuw onda şol mahallar dörändir. Soňra Didar Orazmedow Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport institutynda awtomobil sporty ugry boýunça bilim alýar. Häzirki wagtda ol Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi bolup zähmet çekýär. Abraýly halkara ýaryşlaryň menzillerinde ýurdumyzyň sport abraýyny barha ilerledýän, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýan ezber türgene üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dabaraly maslahat
10.11.2025   115
Jemgyýet Hoş geldiň sen, Täze ýyl!
08.01.2025   459
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   41
Jemgyýet Naryň peýdasy
13.10.2025   241
Jemgyýet WATAN GERÇEGI SARPALANDY
09.05.2025   260
Jemgyýet Geljek nesillere nusgalyk miras
03.01.2026   101
Jemgyýet Kanagat
30.12.2024   289
image