Ýurdumyzda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy tassyklandy. Bu Konsepsiýa bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak maksadynda kabul edildi. Şundan ugur alyp, golaýda «Zehin» ulgamy arkaly ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 5 —12-nji synp okuwçylarynyň bilim derejelerini we berilýän bilimiň hilini sanly tehnologiýalaryň üsti bilen kesgitlemek maksady bilen, onlaýn test barlaglary geçirildi.
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde geçirilen onlaýn test barlaglarynda okuwçylar şu okuw ýylynyň 3-nji çärýeginiň temalary boýunça taýýarlanan test soraglaryna jogap berdiler. Mekdep okuwçylarynyň zehinlerini, başarnyklaryny, döredijilikli pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu test barlaglary bu ugurda özüniň oňyn netijelerini berer.