Çaga terbiýesi bilen baglanyşykly edep kadalaryna ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri aýratyn uly üns berip gelipdirler. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlişi ýaly, perzent edebi her bir ata-enäniň ilkinji nobatda üns berýän meselesidir. Çaga terbiýesinde görelde möhüm ähmiýete eýedir.
Çaga terbiýelemek uly sungatdyr. Çünki sungatda bolşy ýaly, çaga terbiýesinde-de kämillige ýetmek esasy maksat hasaplanýar. Şundan ugur alanymyzda, çaga terbiýesinde kämillige ýetmegiň gözbaşy göreldedir. Görelde görkezmek bilen, çagany kämil terbiýeläp bolar. Ozalam bir rowaýatda aýdylyşy ýaly, daýhanyň üç ogly bolupdyr. Olaryň hersiniň bir dürli häsiýeti bar eken. Biri ýalta, beýlekisi iýejin, ýene birem gezende eken. Daýhan ogullarynyň işe höwesiniň ýokdugyndan nalapdyr. Günleriň bir güni ol obasyndaky kethudanyň ýanyna baryp, bu meselede maslahat sorapdyr. Oba kethudasy şonda: «Sen çagalaryňa terbiýe bereniňde görelde görkezen dälsiň. Meselem, ýere yhlas etseň, ondan baldan süýji miweleri alyp bolýandygyny görkezen dälsiň» diýipdir. Şonda daýhan: «Dogry aýdýaňyz, men olara diňe zähmet çekiň, halal işläň diýip, dilden wesýet etdim. Ýöne olaryň hiç biriniň eline pil tutduryp, özüm edip görkezmedim. Bu meniň iň uly ýalňyşym» diýip, boýun alypdyr. Hakykatdanam, çaga terbiýesinde görelde görkezmek möhümdir. Her bir işi başda ýerine ýetirip, soňra bolsa çaganyň ýerine ýetirişine baha bermek zerurdyr. Şeýlelikde, çaga görkezilen göreldäniň dogrudygyna göz ýetirer hem-de hemişe şeýle bolmaga çalşar.
Maşgalada hem görelde esasy orunda durýar. Bu gaýyn-gelin gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýedir. Maşgala goşulan ýaş gelne gaýynenesi, ýeňňesi görelde görkezmeli. Bu diňe öýüň işi babatda däldir. Maşgalada özüňi alyp barmakda hem görelde görkezmek wajypdyr. Çünki ýagşy görelde ýagşy amalyň binýadydyr. Il arasynda aýdylyşy ýaly, «Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşydyr». Çünki edep berip iş öwretmek, gyza görelde bolmak bilen, şol öýüň ýeňňesi gyzy işbaşarjaň, höwesli edip terbiýeleýär. Bu bolsa maşgalanyň agzybirliginiň, jebisliginiň hem-de göreldeliliginiň baş nyşanydyr.
Durmuşda, aýdylyşy ýaly, göreldeli bolup ýaşamalydyrys. Hemmelere görelde bolmak kämil terbiýäniň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem çaga terbiýesinde görüm-göreldä aýratyn üns berilmelidir.