Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary

Ykdysadyýet
22.07.2024  342

Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge, telekeçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle başlangyçlaryň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde, ýokary hilli önümleri öndürip, dünýäniň döwletlerine eksport edilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösüşiniň gerimiň has-da giňelmegi, täze görnüşleri öz içine almagy, öndürilýän önümleriň hiliniň bäsdeşlige ukyplydygy, kärhanalarda zähmet çekýänleriň köpüsiniň ýaşlardygy örän guwandyryjy netijedir. Etraplarda gurlan ýyladyşhanalarda ýylyň ähli paslynda dürli gök-bakja önümleriniň ýetişdirilmeginiň ýola goýulmagy, olaryň oňat hilli ätiýaçlyk goruny saklamak maksadynda sowadyjylar bilen üpjün edilen ammarlaryň döredilmegi, bazarlarymyzyň hemişe azyk önümleri bilen dolup durmagy, bahalaryň elýeterli bolmagy ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalaryň aýdyň görkezijileridir. Özleri babatda döredilýän şertlerdir mümkinçiliklerden  ruhlanýan telekeçiler diňe bir ýa-da iki ugur bilen hem çäklenmän, ulgamyň işini kämilleşdirmek maksadynda süýji-köke önümlerini, çagalaryň isleg bildirýän doňdurmalarynyň köp görnüşlerini öndürmegi ýola goýdular.

Şeýle hem telekeçiligiň giň rowaçlanmagy ýurdumyzda diňe azyk bolçulygyny döretmekde däl, eýsem, dürli gurluşyk harytlaryny, ýaşaýyş jaýlarymyzyň bezegleri bolan mebelleriň köp görnüşlerini, egin-eşikleri, aýakgaplary öndürmek hem giň gerime eýe bolýar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir öz bazarlarymyzda däl, daşary ýurtlaryň bazarlarynda hem uly isleg bildirilýän harytlara öwrülýär. Dünýäniň köp ýurtlarynyň bazarlarynda «Türkmenistanda öndürilen» diýlen ýazgyly harytlaryň görnüşleriniň köpelýändigi, bu harytlara bolan islegleriň artýandygy ýurdumyzda telekeçilik işlerinde, ýokary hilli önüm öndürmekde, daşary ýurtlara eksport etmekde gazanylýan üstünlikleriň netijeleridir.

Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynda işleriň döwletimiziň, halkymyzyň bähbitleri nazara alnyp guralýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki onda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant bolýar. Şonuň bilen birlikde-de, ol täze iş orunlarynyň döredilmegine, şeýlelikde, ýaşlaryň olara has köp çekilmegine şert döredýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bol hasyl yhlasa bagly
17.03.2025   286
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary ösdürilýär
29.05.2025   219
Ykdysadyýet Möwsüme ykjam taýýarlanylýar
21.08.2024   328
Ykdysadyýet Miweli baglaryň bagbany
06.08.2026   33
Ykdysadyýet Gallaçylaryň gaýratly zähmeti
05.02.2025   249
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görülýär
19.04.2024   362
Ykdysadyýet Halal gazanç — rysgal-döwlet
29.07.2024   345
Ykdysadyýet Sürüm işleri ýokary depginde
28.11.2024   328
image