Telekeçiligiň ösdürilmegine uly goşant
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Telekeçiligiň ösdürilmegine uly goşant

Ykdysadyýet
20.08.2025  154

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaşlaryň saýlan hünäriniň eýesi bolmagyny gazanmaga aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistanyň  Prezidentiniň şu ýylyň 27-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi bagtyýar ýaşlar bilen birlikde, tutuş halkymyzyň buýsanjyny, şatlygyny artdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Täze hünärleriň açylmagy, dürli ugurly ýokary okuw jaýlarynyň döredilmegi ýaşlaryň saýlan hünärini ele almagy üçin amatly şertleriň biridir. Hususy telekeçilik babatda ýurdumyzda milli kanunçylyk ulgamy hem has berkidilýär. Muňa mysal hökmünde «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny aýdyp bileris. Bu Kanunda kiçi we orta telekeçiligiň hukuk binýady kesgitlenilýär.

Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi bazar ykdysadyýeti şertlerine geçilýän döwürde aýratyn ähmiýetlidir. Ýaşlaryň bazar gatnaşyklarynyň we telekeçiligiň ylmy esaslaryny hünär derejesi hökmünde ele almagy täze ýeňişlere, belent sepgitlere badalga bolar. Innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň durmuşymyza giňden ornaşýan taryhy döwrümizde bäsdeşlige ukyply hususy pudagyň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebine giriş synaglary guramaçylykly geçirildi. Telekeçilik işini çuňlaşdyryp öwretmekde bu ýokary okuw mekdebiniň ähmiýeti örän uly bolar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Hatarara bejergi geçirilýär
01.05.2024   314
Ykdysadyýet Ýuwuş suwy tutulýar
30.01.2025   270
Ykdysadyýet Hasyl ussady bilen duşuşyk
29.09.2025   120
Ykdysadyýet Baglar — sahawat çeşmesi
20.03.2026   47
Ykdysadyýet Ykdysady ösüşleriň aýdyň nyşany
11.03.2025   208
Ykdysadyýet Bol hasyl ugrunda
31.03.2025   268
Ykdysadyýet Gözel tebigatyň goragynda
27.07.2024   303
image