Tehnikanyň sazlygy — üstünligiň kepili
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Tehnikanyň sazlygy — üstünligiň kepili

Ykdysadyýet
16.08.2025  165

Taryhy wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güýzlük bugdaý ekiş möwsümi günsaýyn golaýlaýar. Onuň bellenilen möhletlerde, talabalaýyk amala aşyrylmagy bu çärä ýokary derejede taýýarlyk görülmegine bagly bolup durýar. Şuny nazarda tutmak bilen, Daşoguz welaýatynyň degişli edara-kärhanalary derwaýys çäreleri durmuşa geçirýärler.

Bu babatda ekişde ulanyljak tehnikalaryň birkemsiz abatlanylyp, möwsüme taýýar edilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtmak gerek. Şoňa görä-de, Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň işçi-hünärmenleriniň bitirýän işleri örän möhümdir. Çünki olaryň yhlasly zähmetleri bilen ekişiň bökdençsiz geçirilmegi üpjün edilýär.

Akdepe etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň abatlaýjy ussalarynyň, mehanizatorlarynyň bu ugurdaky agzybirlikli zähmetiniň hem oňat netijeleri berýändigini nygtamak bolar. Munuň şeýledigini kärhananyň çäginde häzirki wagta çenli gözden geçirilip, ýokary hilli abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýlan tirkeg gurallary, ekijiler, boronalar hem tassyklaýar. Olara nazar aýlanyňda, ezber ussalaryň öz işlerine örän jogapkärli çemeleşendiklerini görmek bolýar.

Kärhananyň baş inženeri Jelaleddin Nasrallaýewiň aýtmagyna görä, bu ýerde öňde duran bugdaý ekişine taýýarlyk çärelerine has ir girişilipdir. Munuň özi onda peýdalanylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalaryň, olaryň tirkeg gurallarynyň, boronalaryň esasy böleginiň talabalaýyk abatlanylmagyna şert döredipdir.

Bu hakda aýdylanda, şu möwsümde kärhana boýunça jemi 100-den gowrak dürli kysymly, kuwwatly traktorlaryň ekişe gatnaşdyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini bellemek zerurdyr. Olaryň 50-ä golaýy sürüm, 40 sanysy ekiji, 20-si bolsa bejergi traktorlarydyr. Şonuň ýaly-da, çizelleriň, ekiji gurallaryň hem ýeterlik möçberi bugdaý ekişine gönükdiriler.

Kärhanada tejribeli abatlaýjy ussalaryň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan Şeripbaý Mätkurbanow, Şöhrat Islamow, Ýaşnar Hemraýew dagy has-da tapawutlanýarlar. Sebäbi olar öz kärlerine yhlasly çemeleşip, tabşyrylan işi kemçiliksiz ýerine ýetirmegi başarýarlar. Şonda olaryň şägirtleriniň hem işeňňirlik görkezýändiklerini aýratyn bellemek gerek.

Bugdaý ekişinde ulanyljak traktorlar bu babatda ýeterlik iş tejribesi bolan mehanizatorlara berkidilipdir. Olaryň arasynda Orazmyrat Kakabaýew, Allanazar Hanjyýew, Maksat Töräýew dagy bar.

Kärhanada ekiş döwründe tehnikalara zerur hyzmatlary iş üstünde guramak barada hem degişli meýilnamalar düzülýär. Olar boýunça ýörite toparlar döredilip, hyzmatlary ýerine ýetirjek adamlar bellenildi. Mysal üçin, şu döwürde traktorlary iş üstünde ýangyç bilen üpjün etmek tejribeli sürüjiler Atabek Atahanowyň, Merdan Toýlyýewiň üstüne ýüklenilýär. Mundan başga-da, abatlaýjy, kebşirleýji ussalary hem bu babatda köp ýyllyk tejribä eýe. Şoňa görä-de, olaryň öz öňlerinde goýulýan wezipelere birkemsiz hötde geljekdiklerine ynanýarys.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy
04.03.2026   52
Ykdysadyýet Giň meýdanlardaky joşgunly zähmet
20.06.2024   262
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi güýçli depginde
18.06.2024   294
Ykdysadyýet Tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş
23.01.2026   72
Ykdysadyýet Sogan ekilýär
13.03.2025   245
Ykdysadyýet Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
18.07.2024   265
Ykdysadyýet Asyryň taslamasy
29.10.2025   124
image