Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher komitetiniň «Daşoguz habarlary» gazeti bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, «Maksatly menziller bagta atarýar» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlige gatnaşanlar ýylymyzyň şeýle atlandyrylmagynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň dünýädäki ornuny has-da berkitmekde, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny dünýä ýaýmakda, halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmakda giň mümkinçilikleri döredýändigi dogrusynda bellediler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin abadançylygyň, üstünlikleriň, ähli ugurlarda uly rowaçlyklaryň ýyly bolar diýip nygtadylar. Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalaryň, özara bähbitli başlangyçlaryň rowaçlyklara beslenjekdigi dogrusynda bellenilip geçildi. Çykyş edenler şu ýyl bitaraplyk hukuk derejesi BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýandygyny buýsanç bilen belläp, toýly ýylyň taryhy wakalara baý boljakdygyny nygtadylar.