Tebigatyň görki — baglar
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Tebigatyň görki — baglar

Ykdysadyýet
15.11.2024  321

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, tebigatymyzy has gözelleşdirmek üçin alnyp barylýan tutumly işler öwgä mynasypdyr.

Ýer ýüzünde tebigata aýawly garamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden ýurdumyzyň öňe süren teklipleri, ajaýyp başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan giňden goldanylýar. Şeýle hem Türkmenistan bu guramanyň çäklerinde ekologiýa meseleleri boýunça birnäçe halkara Konwensiýalaryň agzasy hökmünde çykyş edýär.

Mälim bolşy ýaly, al-ýaşyl baglyga bürenen tebigat diňe bir gözellik bolman, eýsem, ynsan saglygynyň hem girewi hasaplanýar. Halkymyzyň saglygy iň gymmatly baýlyga deňelýän ata Watanymyzda her ýylda ýazky we güýzki bag ekişlik dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlar işjeň gatnaşýarlar.

Bag tebigatyň gözelligini, ekologiýamyzyň abadançylygyny we arassalygyny üpjün edýär. Zähmet bilen döredilýän bu ajaýyp gözellikler ynsan saglygyna hem oňaýly täsirini ýetirýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Möwsüme taýýarlyk ýokary depginde
24.03.2026   134
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   357
Ykdysadyýet Sanly ulgamyň amatlyklary
12.08.2026   107
Ykdysadyýet Kombaýnlar möwsüme taýýar
21.05.2025   279
Ykdysadyýet Möhüm möwsüme taýýarlyk
05.02.2026   195
Ykdysadyýet Ýeralma hasyly ýygnalýar
11.06.2024   373
Ykdysadyýet Belent sepgitleriň gözbaşy
12.03.2025   331
image