Tebigatyň bezegi ýaşyl baglar
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Tebigatyň bezegi ýaşyl baglar

Ykdysadyýet
21.11.2025  259

Geçmişde bag ekmek sogaply iş hasaplanyp, ol ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň biridir. Ýurdumyzda kabul edilen Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, pürli, saýaly, miweli agaçlar köp ekilýär. Olar howadaky zyýanly gazlary, tozany özüne siňdirýärler. Baglaryň howany kislorod bilen baýlaşdyrmakda hem ähmiýeti uludyr.

Ekilýän miweli agaçlar ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň esasy çeşmesidir. Ussat bagbanlar tarapyndan ýetişdirilýän miweler ýylyň dowamynda ak bazarlarymyzyň, saçaklarymyzyň berekedini artdyrýar.

Baglar raýatlarymyzyň saglygy, tebigatyň arassalygy bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daş-töweregi gurşap alan tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak, tygşytly peýdalanmak we geljekki nesillere ýetirmek ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy özeni hasaplanýar.

Ýurdumyzda dürli bag nahallarynyň, şol sanda gyrymsy agaçlaryň we üzümleriň yzygiderli ekilmegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guramaçylykly alnyp barylýar. Muňa ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Bag ekmek, öňki ekilen baglara ideg etmek ýaly işler durmuşymyza we ýaşaýşymyza gözellik goşýar. Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bag ekmek, olara ideg etmek boýunça alnyp barylýan işlerde nusgalyk göreldedir. 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan
25.04.2024   383
Ykdysadyýet «Çeperiň» ilhalar önümleri
31.01.2025   317
Ykdysadyýet Ulgam ösüş ýolunda
15.12.2023   400
Ykdysadyýet Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň binýady
10.07.2026   118
Ykdysadyýet Raýat goranyşyna bagyşlanyldy
25.01.2023   506
Ykdysadyýet Işleriň depgini ýokary
03.04.2025   356
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
01.07.2025   302
Ykdysadyýet Adamzat mirasyna öwrülen gözellikler
20.11.2024   353
image