Şeýle at bilen ýakynda Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de institutyň bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, institutyň medeniýet merkeziniň eýwanynda guralan sergä tomaşa etdiler. Garagum çölümiziň janly tebigatynyň, şeýle-de bezeg agaçlarynyň, bezeg gülleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, haly we haly önümleriniň, dutar senetçiliginiň, institutda hereket edýän «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klubunyň agzalarynyň ýasan önümleriniň sergisi olarda uly täsir galdyrdy.
Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy, suwdan netijeli peýdalanmak, çölleşmäniň öňüni almak ýaly meseleler üçünji müňýyllykda global häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şorlaşmak hadysasynyň, ekin meýdanlarynda topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, dünýäniň iň uly çöli hasaplanýan Garagumda asyryň iri gidrotehniki desgalarynyň birine öwrülen «Altyn asyr» Türkmen köli döredildi.
Garaşsyz ýurdumyzda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ekilýän baglar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Maslahatyň ahyrynda institutyň «Bagtyýarlyk joşguny» döredijilik toparynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary ekologiýa forumyna gatnaşyjylarda ruhy joşgun döretdi. Şeýle hem olaryň
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna eden gezelençleri baý many-mazmunly boldy.