Tebigata söýgi — Watana buýsanç
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Tebigata söýgi — Watana buýsanç

Jemgyýet
23.07.2024  278

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, geljek nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigy-ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, ýerüsti we ýerasty suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleri, ekologik ulgamlar, atmosfera howasy, klimat we Ýeriň ozon gatlagy ýok edilmekden, ýaramazlaşdyrmakdan, azaltmakdan, zeper ýetirmekden, hapalanmakdan, rejesiz peýdalanmakdan we beýleki ýaramaz täsirlerden goralmaga degişlidir» diýlip bellenilýär.

Türkmenistan häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz halkara ylalaşyklaryň, taslamalaryň çäklerinde daşky gurşawy goramak boýunça möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar, ýygy-ýygydan wajyp başlangyçlardyr teklipler bilen çykyş edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa dahylly meseleler bilen baglanyşykly çykyşlarynda häzirki zamanda adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini nygtaýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly gurluşyklarda hem ekologiýa taýdan bildirilýän düzgünleriň doly ýerine ýetirilmegi üns merkezinde saklanylýar. Bu boýunça talaplaryň berjaý edilişine hemişelik gözegçilik ýola goýuldy. Ösümlik we haýwanat dünýäsini düýpli öwrenmekde, dünýä tanatmakda, goraghana ulgamlaryny halkara ülňülere laýyk getirmekde oňyn tejribeler toplanyldy.

Türkmen tebigatynyň täsinlikleri öwrenilýär, bu ugurda halkara we ýurt derejesinde ylmy ekspedisiýalar guralýar, ylmy maslahatlar geçirilýär. Goraghanalarda haýwanat we ösümlik dünýäsiniň seýrek duş gelýän görnüşleri ýüze çykarylyp, olar ýörite gözegçilige alynýar. Ýurdumyzda daşky gurşawa ýaramaz täsirleri azaltmaga mümkinçilik berýän önümçiligiň has rowaçlanyp ugrandygyny hem aýdyň görýäris. Täze innowasion tehnologiýalar daşky gurşawyň kadaly ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Täze güni» buşlaýan sene
21.03.2024   303
Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
19.09.2024   436
Jemgyýet Kalplary kuýaşlandyrýan kitap
11.11.2025   31
Jemgyýet Halypa göreldesi — ýaşlara ýörelge
05.05.2025   161
Jemgyýet Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
19.07.2025   158
Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   255
image