Tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş

Ykdysadyýet
23.01.2026  97

Pederlerimiz haýwanlaryň, guşlaryň özüni alyp barşyny synlap howanyň rejesini, tebigy hadysalaryň boljagyny öňünden kesgitläpdirler. Olar bu çaklamanyň oňaýly netije berýändigine göz ýetiripdirler. Şeýle ýagdaýlarda öňünden taýýarlyk işlerini görüp, mallaryny, emläklerini ýagyndan, tebigy hadysalardan goramagyň aladasyny edipdirler.

Alakalar hinine gyşdan öň däne, sypal çekip başlasalar, şol ýyl gyşyň sowuk boljagynyň alamaty.

Gargalar çüňküni ganaty bilen penalap otursa, aýazly howanyň boljagynyň, garlawaçlar pessaýlap uçsa, ýagynyň ýagjagynyň alamatydyr.

Garynjalar hininiň üstüne gum üýşüren bolsalar, gyşyň sowuk boljagydyr.

Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden sowuk düşer.

Güýzüň ahyrynda çybyn köp bolsa, gyş maýyl geler.

Kepderiler guguldaşyberseler, açyk howanyň boljagynyň alamaty.

Pişik guýrugyny ýalap, diwara süýkense, şol gün howa ýagynly bolar.

Sülgünler, käkilikler çöpüň aşagyna giriberseler, erbet sowugyň boljakdygynyň alamaty.

Meýdan towşanlary sürenini çuň gazan bolsa, gyş sowuk bolar.

Hüwi yzygiderli gygyryberse, howanyň bulaşjagyndan alamat.

Bu yrymlar ata-babalarymyzyň ýiti synçylygy, durmuş tejribesi esasynda döräp, tebigat bilen sazlaşykly ýaşanlygynyň aýdyň güwäsidir.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   145
Ykdysadyýet Söwüt agajy
05.02.2025   895
Ykdysadyýet Gowaçalara ösüş suwy tutulýar
15.07.2024   306
Ykdysadyýet Ata kesbine eýeren bagban
15.10.2024   274
Ykdysadyýet Ýazdaky hereket — güýzdäki bereket
28.03.2024   304
Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan
25.04.2024   301
Ykdysadyýet Ýaşyl öwüsýän meýdanlar
12.11.2024   244
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   254
image