Tebigat
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Tebigat

Ykdysadyýet
03.01.2025  343

Asmandan nur ýagsa...

Asmandan nur bolup, ýagyş-gar bolup düşýän ygallar ýaşaýşa dowam berýän tebigy sazlaşykdyr. Zemin içre ýaşaýşa dowam ösümliklerdir daragtlara kuwwat berýän ygallar dürli görnüşde düşýär. Ýagyş, gar, buz, jyza, gyraw, ümür, jybar tebigatda suw aýlanyşygyny emele getirip, olaryň hersiniň asmandan ýere düşüş aýratynlygy bardyr. Mälim bolşy ýaly, ýylyň ähli paslynda düşýän ygal ýagyşdyr. Ýagyşdan beýik depeleriň üstündäki, ýapylardaky sözen, sazak, borjak we beýleki görnüşli agaçdyr ösümlikler ýeterlik suwlanyp bilmeýär. Şolar ýaly çöl ösümlikleriniň hem suw bilen ýeterlik üpjün bolmagy ygalyň jyza görnüşine baglydyr. Ol, esasan, güýzüň soňunda, gyş aýlary gijelerine we daňdana golaý düşýär. Jyza düşende agaçlaryň, ösümlikleriň başy ýukajyk buz tozgajyklary bilen örtülýär. Sähra, ýaýlalarda howanyň arassa günleri jyza düşen meýdanlar Günüň nury düşüp säher çagy has gözel görke beslenýär. Günüň ýokary galmagy bilen jyza pür-şahalardan agaçlaryň düýbüne gaçýar. Gün günorta bolup, howanyň maýlamagy bilen agaçlaryň düýbüne gaçan jyza ereýär. Şonuň netijesinde agaçlaryň kökleri suwlanýar. Bu bolsa olaryň ýazda gowy gögermegi, birkemsiz güllemegi üçin özboluşly suwaryş ulgamydyr.

Bizi gurşap alan tebigatda akylyňy haýrana goýýan sazlaşyklar sanardan kän. Gumda, belent gerişleriň üstünde gögerýän gyrymsy agaçlaryň, ösümlikleriň suwlanmagyny üpjün edýän ygalyň bir görnüşi bolan jyza hem şol sansyz tebigy sazlaşyklaryň biridir.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň möhüm pudagy
24.12.2024   292
Ykdysadyýet Şalynyň bereketli hasyly
17.10.2024   308
Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
02.12.2024   319
Ykdysadyýet Milli ykdysadyýetimiziň mizemez kuwwaty
15.12.2025   180
Ykdysadyýet Gowaça bejergisiniň depgini ýokary
08.05.2025   226
Ykdysadyýet Üstünlik yhlasa bagly
10.10.2025   170
Ykdysadyýet Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar
16.04.2024   346
Ykdysadyýet Ajaýyp döwrümiziň rowaç menzilleriB
10.05.2026   109
image