Täzelenişiň we joşgunyň pasly
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Täzelenişiň we joşgunyň pasly

Jemgyýet
29.03.2024  354

Ata Watanymyza gadam basan nurana baharyň her bir güni bagtyýar halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döredijilik adamy üçin baharyň täsiri aýratyndyr. Bahar — täzelenişiň hem-de joşgunyň pasly. Döwrümize şan getiren ajaýyp baharyň waspy köňülleriň ylhamyna öwrülip, Pyragyly ýyllaryň joşguny bolup ýaňlanýar. «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TDP-niň Daşoguz şäher komiteti hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guran döredijilik duşuşygy hem şeýle täsirli pursatlara baý boldy.

 

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toýlara beslenýän günlerinde tebigata gözellik, göwünlere joşgun eçilip gelen baharyň täsiri hakynda gürrüň etdiler. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenýän şanly ýylynda gelen bahar paslynyň aýratyn üýtgeşik ýakymynyň bardygy hakynda belläp, döredijilik duşuşygyna gatnaşýan ýaş şahyrlar özleriniň täze döreden goşgularyny okap berdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Açyk gapylar güni
16.12.2025   148
Jemgyýet Dabaraly maslahat
12.09.2025   153
Jemgyýet Döredijilikli işler
14.05.2026   47
Jemgyýet Dünýä içre ykrarly gymmatlyk
22.12.2025   157
Jemgyýet Paýtagtymyz — ak bagtymyz
25.05.2026   36
Jemgyýet Baş baýrama toý sowgady
20.09.2024   418
image