Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralar uly şatlyk-şowhuna beslenip, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň hem etrapdyr şäherlerini toý ruhubelentligi, baýramçylyk joşguny bilen gurşap aldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky dabaralar merkezinde guralan welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti hem iki ýylyň sepgidinde bellenilýän ajaýyp baýramy täsirli, ýakymly pursatlar bilen bezedi.
Dürli öwüşginli bezegler, reňbe-reň çyralar, göze gelüwli arçalar bilen bezelen baýramçylyk döwresine il sylagly ýaşulular, mährem eneler, welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bagtyýar raýatlarymyz myhman boldular. Täze ýyl ruhunda bezelen baýramçylyk sahnasynda belent perdelerde ýaňlanan aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen şowhunly tanslarda täze taryhy döwürde gazanylýan ägirt uly ösüşleriň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurt abadançylygynyň waspy ýetirildi. Şowhunly çykyşlar baýramçylyk desterhanynyň başyna jem bolan myhmanlaryň göwün guşuny ganatlandyryp, olarda uly ruhubelentlik döretdi. Sungat ussatlarynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan dowamly elçarpyşmalar bilen garşylandy.
Baýramyň esasy gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamygyň sahna gelmegi dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Uzak-uzak ýollar aşyp, güneşli Diýarymyza gadam basan Aýazbabadyr Garpamygyň Täze ýyl gutlaglary uly buýsanç bilen diňlenildi. Soňra olar dabaranyň toý döwresine goşulyp, myhmanlar bilen medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan şowhunly, aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göteren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent ösüşli menzilleriň tarypy öz beýanyny tapdy. Welaýatyň tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary dabaranyň köpöwüşginliligini artdyrdy.