Berkarar döwletimizde uly ruhubelentlikde garşylanylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri baş arçanyň döwresinde ýaýbaňlandyrylýar. Welaýat merkezine görk berip oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki bezemen arçanyň daşynda baýramçylyk mynasybetli guralýan aýdym-sazly çykyşlarda Täze ýylyň şatlykly pursatlary, baýramçylygyň gahrymanlarynyň waspy belentden ýaňlanýar. Şeýle hem Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlanyp aýdýan şowhunly aýdymlary dabaralara aýratyn ruhubelentlik eçilýär. Bu bolsa çagalaryň gyşky dynç alyş günlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmeklerinde örän ähmiýetlidir.
Ýeri gelende bellesek, bu ýerde ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, welaýatymyzyň Akdepe, Boldumsaz, Ruhubelent etraplarynyň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň we şäher merkezi medeniýet öýüniň baýramçylyk çykyşlary guraldy.
Täze ýylyň şadyýan dabaralary welaýatymyzyň ähli etraplarynda gurnalan arçalaryň ýanynda hem guralýar.