Täze ýyl baýramçylyk agşamy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Täze ýyl baýramçylyk agşamy

Jemgyýet
30.12.2025  175

Hemmeleriň garaşýan, uly arzuw-umytlar bilen garşylaýan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli golaýda  TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda Daşoguz şäherindäki «Bedew» toý mekanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler buýsançly şygara beslenen şöhratly ýylda ata Watanymyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem eziz Diýarymyza gadam basýan Täze – 2026-njy ýyl mynasybetli dabara gatnaşyjylar birek-biregi mähirli gutladylar.

Toý mekanynyň göz gamaşdyryjy, dürli arçalardyr, yşyklaryň nur saçýan bezemen sahnasyna Aýazbabadyr Garpamygyň gelmegi hemmelerde uly şowhun döretdi. Zenanlar bije çekip, Aýazbabanyň torbasyndan öz bijesinden çykan baýramçylyk sowgatlaryny aldylar. Bu ajaýyp pursatlar dabaranyň mazmunyny has-da baýlaşdyryp, zenanlaryň buýsançly kalplaryny öňküden-de joşdurdy. Göçgünli ýaňlanan aýdymlar tanslar bilen sazlaşyp, owadan pursatlary emele getirdi. Zenanlar hem çagalar tarapyndan dokma önümleriniň görkeziliş pursatlary dabaranyň  täsirliligini artdyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Garaşsyzlyk — baky bagtymyz
28.08.2025   251
Jemgyýet Aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty
29.06.2026   94
Jemgyýet Halk döredijiligi — egsilmez hazyna
03.06.2024   999
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
16.08.2024   371
Jemgyýet Lukman zenanlar sylaglandylar
07.03.2024   477
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
02.09.2025   236
image