Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda halkara derejeli ösüşleri, taryhy wakalary özünde jemlän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerini, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guramanyň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksadynda, hasabat ýygnagy geçirildi.
Hasabat ýygnagyna welaýat, şäher, etrap zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň ähli pudak edaralarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň, senagat, ykdysadyýet, gurluşyk hem-de oba hojalyk edaralarynyň işgärleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, mährem eneler gatnaşdylar.
Ýygnakda çykyş edenler hasabat döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan beýik işleri, ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän maslahatlaryň ähmiýetini wagyz etmek, ahlak arassalygyny, maşgala gymmatlygyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýaşlarda watana wepalylyk, jogapkärçilik duýgularyny ösdürmegi, olaryň kämil ruhda terbiýelenmegini ündeýän wagyz-nesihat işleriniň ýokary netijeleri berýändigini bellediler.
Zenanlar guramalary tarapyndan geçirilýän bäsleşikleriň, çäreleriň gyz-gelinleriň jemgyýet bilen köptaraply gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, maşgala ojagynyň binýadyny berkitmek, ene-mamalarymyzyň miras goýan nusgalyk ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmak babatda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.
Soňra Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda işjeňligi bilen tapawutlanan göreldeli zenanlara TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde duran wezipeler boýunça iş meýilnamasy tassyklanyldy.