Täze tehnikalar gelip gowuşdy
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Täze tehnikalar gelip gowuşdy

Ykdysadyýet
09.08.2024  410

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, gidrogeologiýa ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Şonda Türkmenistanyň  Prezidentiniň ulgamyň tehniki-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrundaky taýsyz tagallalary öz guwandyryjy netijelerini berip, alnyp barylýan gözleg-buraw işleriniň geriminiň giňeldilmegine, bu babatda öňde goýulýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine oňaýly şertleri döredýär. Golaýda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasyna täze, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk ýer burawlaýjy enjamlar bilen üpjün edilen kuwwatly ulaglar gelip gowuşdy. Bu enjamlar ýeri 200 metr çuňluga çenli burawlamaga, şeýlelikde, ýerasty suwlaryň hilini, mukdaryny anyklamakda, topragyň düzümini kesgitlemekde we beýleki maksatlarda uly ýardam bermäge ukyplydyr. Bu ulaglar welaýatyň çäklerinde durmuşa geçirilýän gidrogeologiýa, gözleg-burawlaýyş işleriniň has-da ýokary depginlerde dowam etdirilmegine önjeýli goşant goşar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   361
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
26.01.2026   164
Ykdysadyýet Ykdysady ösüşleriň aýdyň nyşany
11.03.2025   262
Ykdysadyýet Bal bolçulygy ugrunda
28.07.2026   88
Ykdysadyýet Ýazdaky hereket — güýzdäki bereket
28.03.2024   359
Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   199
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň ösüşine goşant
19.11.2024   533
Ykdysadyýet Ajaýyp döwrümiziň rowaç menzilleriB
10.05.2026   147
image