Täze taryhy eýýamyň ganaty
weather dashoguz 13° C Daşoguz

Täze taryhy eýýamyň ganaty

Jemgyýet
20.07.2024  416

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň Daşoguz welaýat, Daşoguz şäher komitetleriniň hem-de Daşoguz şäher kazyýetiniň bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty — taryhy eýýamyň ganaty» atly maslahat geçirildi.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatyny ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen, şäher häkimliginde geçirilen maslahatda çykyş edenler ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly rowaçlyklara hem-de ajaýyp ýeňişlere beslenýändigini bellediler. Şeýle hem çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň dabaralanmasyna öwrülen şanly ýyllaryň ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri bilen şöhratlanýandygy nygtaldy.

Täze taryhy döwürde hukuk döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmeler halkyň we ýurduň bähbitlerine gönükdirilen belent maksatly tutumlar bilen rowaçlanýar. Nurana ertirler, asuda säherler hormatly Prezidentimiziň il-ýurt hakyndaky beýik maksatlary hem-de rowaç tutumlary bilen şöhratlanýar. Muny geçilen gysga taryhy döwür hem aýdyň görkezýär. Çykyşlarda bular barada hem aýratyn durlup geçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Ýylyň zenany — 2025»
14.02.2025   606
Jemgyýet Şadyýan tomus
17.07.2024   458
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
02.12.2024   386
Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
05.10.2024   563
Jemgyýet Derde melhem şypahana
02.08.2024   553
image