«Parahatçylyk we ynanyşmak — umumadamzat gymmatlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde yglan eden «Parahatçylyk we ynanyşmak — umumadamzat gymmatlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlaryny, halkymyzyň aňyna siňen ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ähmiýetini metbugatda ýaýbaňlandyrmak maksady bilen yglan edilen bäsleşik döredijilik bilen içgin gyzyklanýan, ýüregi buýsançdan doly ildeşlerimiziň iň ökdelerini öňe saýlady.
Şu mynasybetli TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda geçirilen dabaranyň dowamynda çykyş edenler parahat, asuda durmuşymyzy, ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny, gazanýan üstünliklerini wasp etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Bäsleşikde Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Gurbangeldi Gürjiýew 1-nji, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy Sapargül Rejepowa 2-nji, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-nji orta mekdebiň mugallymy Aýna Gaýypowa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy Saparbibi Ýazberdiýewa, 18-nji orta mekdebiň mugallymy Güljahan Bekgylyjowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Begenç Saparow, Köneürgenç etrabyndaky 54-nji orta mekdebiň mugallymy Perdegül Ataýewa, TOHI-niň mugallymy Bibi Taganowa, TAP-nyň Gubadag etrap komitetiniň hünärmeni Ýusup Jumakow, Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän 12-nji çagalar bakja-bagynyň mugallymy Bahargül Sarsenowa dagy bolsa höweslendiriji baýraga mynasyp görüldi.