Täze ösüşlere badalga
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Täze ösüşlere badalga

Jemgyýet
14.01.2026  94

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine uly itergi berýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumlar ýyllaryň şygaryna laýyk jemlenmegine hem-de döwletiň we halkyň bähbidine uly ösüşleriň gazanylmagyna badalga bolýar. Muny ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň mysalynda hem aýdyp bolýar. Uly üstünliklere beslenip geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylýan ösüşleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek maksady bilen, birnäçe kanunlar kabul edildi we öňden hereket edýän kanunçylyk namalary üýtgetmeler hem-de goşmaçalar bilen kämilleşdirildi. Şolaryň hatarynda «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem bar. Bu kanun hormatly Prezidentimiziň degişli çözgüdi bilen tassyklanan «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek, şeýle hem dünýä ýurtlarynda hem-de sebitde emeli aň we sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen baglylykda, wirtual aktiw bilen bagly işleri kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek, sanly walýuta we kriptowalýuta bazarlaryny kadalaşdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Kanunda wirtual aktiwleriň hukuk ýagdaýy, dolanyşygynyň aýratynlyklary, wirtual aktiwler çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň esasy ýörelgeleri hem-de düzgünleşdirilýän işiň görnüşleri beýan edilýär. Wirtual aktiwler çygrynda düzgünleşdirilýän işler hökmünde: maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy (goýberilmegi) we ilkinji ýerleşdirilmegi hem-de wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň işi göz öňünde tutulýar.

Kanuna laýyklykda, maýningiň hususy we senagat görnüşinde amala aşyrylmagynyň göz öňünde tutulmagy bilen, Türkmenistanda gizlin maýning gadagan edilýär. Maýnerler bellenilen tertibe laýyklykda, ygtyýarly edara tarapyndan, uzak aralykdan, internet tory arkaly diňe elektron görnüşde bellige alynmaga hem-de olara elektron görnüşde şahadatnama (QR-kodly) berilmäge degişli edilýär.

Wirtual aktiwler hyzmatyny üpjün edijiler hökmünde ykrar edilýän ýuridik şahslar, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň esaslandyryjylary ýa-da gatnaşyjylary (paýdarlary), wezipeli adamlary bolup bilmeýän adamlar, wirtual aktiwler hyzmatyny üpjün edijiler tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleri, şeýle hem kriptobiržalaryň işi, wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operatoryň işi hem-de wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlary etmegiň tertibi we talaplary, wirtual aktiwler hyzmatyny üpjün edijilere ulanylýan täsir ediş çäreleri anyk beýan edilýär. Wirtual aktiwler hyzmatyny üpjün edijileriň işi ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrmaga degişli hasap edilýär.

Bu kanunyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda wirtual aktiwleriň düzgünleşdirilmegine hem-de maýning tehnologiýalarynyň kanunlaşdyrylmagyna giň mümkinçilik berilmegi esasynda, ata Watanymyzyň ykdysady we tehnologik ösüşini üpjün etmäge, maýa goýumlary çekmäge, wirtual aktiwler babatda halkara tejribeleri giňden ornaşdyrmaga uly mümkinçilik bolar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
22.11.2025   110
Jemgyýet Parahatlygyň we asudalygyň kepili
04.12.2025   134
Jemgyýet Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar
11.08.2025   171
Jemgyýet Tizlikden ruhlanýan türgen
13.08.2024   329
Jemgyýet Parahatçylygyň gül ysyny ýaýradyp
13.11.2025   124
Jemgyýet Goşa mukaddesligiň şanyna
16.05.2025   251
image