Täze maksatlara aýdyň ugur
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Täze maksatlara aýdyň ugur

Jemgyýet
02.10.2026  26

Golaýda şeýle at bilen «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň we TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Birleşmäniň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilýän çözgütleriň ähmiýetini wagyz etmek, öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ýurt berkararlygymyzyň binýadyny berkidýändigi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwletimiziň ýeten belent derejeleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, halkara derejesinde gazanan üstünlikleri barada buýsanç bilen nygtaldy.

Şeýle hem söhbetdeşlikde Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň halk demokratiýasyny dabaralandyrmakda, Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna maksatly tutumlara badalga bermekde ähmiýetiniň ýokarydygy barada aýdyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýylyň şygaryna bagyşlandy
21.01.2026   186
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur
05.08.2026   93
Jemgyýet Arkadagyň saglyk sahawaty
28.03.2025   433
Jemgyýet Sähradaky haýyrly işler
16.03.2024   600
Jemgyýet «Ekologik medeniýet» atly festiwal
11.11.2024   406
Jemgyýet Ylym-bilime giň ýol
20.12.2025   226
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
29.09.2026   28
image