Täze kärhananyň batly gadamlary
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Täze kärhananyň batly gadamlary

Ykdysadyýet
18.07.2024  306

Garaşsyz ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, bu ugurda zähmet çekýän adamlar üçin zerur şertleri döretmek babatdaky döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, netijeli hereket edýän önümçilik kärhanalary Daşoguz welaýatynda hem az däl. Olaryň biri-de welaýatyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän, azyk we iýmit önümlerini öndürýän «Sadaja» toplumydyr.

Toplumyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Gadam Orazdurdyýewiň aýtmagyna görä, bu kärhana halkymyzy gündelik isleg bildirilýän azyk önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek maksady bilen 2020-nji ýylda işe girizilipdir. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, hilini gowulandyrmak boýunça degerli çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýlelikde, häzirki wagtda toplumyň bölümlerinde çörek we çörek önümleriniň, konditer önümleriniň 20-ä golaý, süýt önümleriniň ençeme görnüşleri öndürilip, ilata ýetirilýär. Şonuň bilen birlikde, olaryň diňe bir Daşoguz welaýatynyň däl, eýsem, Lebap welaýatynyň söwda nokatlaryna hem ugradylýandygyny we ilatyň uly islegine mynasyp bolýandygyny aýtmak gerek.

Toplumda öndürilýän çörek we çörek, konditer önümleriniň hatarynda tamdyr hem-de galyply çörekler, ak, gülýaka, bally kökeler, birnäçe görnüşli keksler, biskwitler, ruletler, epmeler bar. Önümler dürli ölçeglerde, oňat bezelen gaplara salnyp, söwda nokatlaryna goýberilýär. Munuň özi hyrydarlar üçin örän oňaýly hem-de ünsi çekiji bolup, olaryň islegleriniň ýokary derejede kanagatlandyrylmagyna şert döredýär.

Ýaňy-ýakynda toplumda süýt önümlerini öndürýän täze bölüm gurlup, işe girizildi. Häzirki wagtda onda gatyk, gaýmak, aýran ýaly önümleri öndürmeklik ýola goýuldy. Ýakyn günlerde bu ýerde beýleki süýt önümlerini, şol sanda, peýniriň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça iş alnyp barylýar. Munuň üçin zerur enjamlar getirilip, bölümde ornaşdyryldy.

Toplumda ilatyň köp isleg bildirýän, ýokary hilli çörek we çörek, konditer önümlerini, süýt önümlerini öndürmek boýunça ýola goýlan işler barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigini häzirki günlerde olardan birkemsiz ýüküni tutan ulaglaryň ençemesiniň çar tarapa, ýagny söwda nokatlaryna tarap ugur alýandygy hem anyk tassyklaýar. Şunlukda, olaryň kömegi bilen täze hem-de ýokary hilli azyk önümleri ildeşlerimiziň bereketli saçaklarynyň üstüni ýetirýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaça bejergisiniň depgini ýokary
08.05.2025   168
Ykdysadyýet Maldarçylykda jogapkärli döwür
01.04.2026   37
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
28.02.2025   214
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň ösüşine goşant
19.11.2024   228
Ykdysadyýet Pileçileriň zähmet üstünligi
14.06.2025   166
Ykdysadyýet Döwrebap ymaratlaryň gurluşygynda
22.07.2025   207
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň batly gadamlary
13.01.2025   248
Ykdysadyýet Bag hakda, bagban hakda
14.11.2025   114
image