Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Bu gün bolsa türkmen halky asyrlaryň dowamynda uly dabaralar bilen bellenilýän Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe barýar. Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti barada hormatly Arkadagymyz: «Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy täzelenişe we döredijilige, parahatçylykly durmuşa ruhlandyrýar, hoşniýetli goňşuçylygy we birek-birege hormat goýmagy pugtalandyrýar» diýip belleýär.
Nowruz baýramynyň döreýiş taryhy örän gyzyklydyr. «Nowruz» sözi «Täze gün» diýmegi aňladýar. Ýagny «now — täze», «ruz — gün» diýmekdir.
Nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň döwründen bäri halkymyzyň dabaraly baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy halk, gadymy taryhymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Täze ýylyň başy otparazlaryň mukaddes kitaby bolan «Awestada» bellenişi ýaly, gije bilen gündiziň deňleşýän gününe gabat gelýär. Zoroastrizm dininiň ýaýramagy bilen bu baýramçylyk dünýäniň dürli sebitlerinde dini baýramçylyk hökmünde bellenip başlapdyr.
Biziň eýýamymyzyň başynda mälim bolan türkmen halk dessany «Ergenekonda» ata-babalarymyz bolan Göktürkmenleriň demir daglary eredip, azatlyga çykyşlary we öz Watanyna dolanyşlary suratlandyrylýar. Olar özleriniň azatlyga çykan günlerini «Ergenekon», ýagny «azatlyk güni» diýip atlandyrypdyrlar. Şol gün bolsa mart aýynyň 21-ine gabat gelýär. Soňra bu baýramy türkmenler we beýleki türki halklar her ýyl bellemegi dowam edipdirler.
Orta asyryň meşhur akyldarlarynyň biri bolan alym Abu Reýhan al-Biruny özüniň «Öten nesillerden galan ýadygärlik» atly eserinde orta asyrlarda Nowruz baýramynyň bellenilişi barada: «Horezm ilaty Nowruzy adamlaryň döremegi bilen baglanyşdyrýar. Bu gün ferwerdin (ilkinji aý) aýynyň nowruz güni hasaplanýar. Bu baýram bütin türki halklaryň baýramydyr. Olar Nowruzdan iki gün öň öýlerini arassalap, keçelerini, halylaryny kakyşdyryp, päkizeläpdirler. Diňe soňky gün tagamly naharlary taýýarlap, goňşular biri-birleriniň öýlerine barypdyr» diýip belleýär.
XVII asyrda ýaşap geçen Hywa hany Abulgazy han özüniň «Türkmenleriň nesil daragty» atly eserinde oguzlaryň Nowruz baýramyny belleýşi hakynda: «Oguzlar uzak wagtlap duşman bilen söweşip, öz ýurtlaryna dolanan günlerini mart aýynyň ahyry bilen baglanyşdyrypdyrlar. Şol güni «Erkin gün» hasaplapdyrlar. Olar uly ot ýakyp, onda demir gyzdyryp, çekiçläpdirler. Munuň özi oduň güýji bilen ýere we suwa täsir edip, ýeri we suwy gyzdyryp, sowugy kowduklary bolýar. Ýer janlanyp başlaýar, otlar gögerýär» diýip belleýär.
Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň köpdürlüligini gorap saklamak hem-de ony dünýä ýaýmak maksady bilen, bu baýramçylyk 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada Kararnama kabul edildi.