Täze awtobuslar — ajaýyp toý sowgady
weather dashoguz 28° C Daşoguz

Täze awtobuslar — ajaýyp toý sowgady

Jemgyýet
06.06.2024  29

Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyna amala aşyran sapary göwün galkyndyryjy wakalara beslendi. Bu sahawatly gün «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bagtyýar raýatlarymyzda uly hoşallyk duýgusyny döretdi.

Täze awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Daşoguz şäheriniň döwrebap awtomenzilinde guralan toý dabarasy ildeşlerimiziň kalbyndaky egsilmez şatlygy, belent buýsanjy alamatlandyrdy.

Täze awtobuslar milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmek bilen garşy alyndy. Halkymyzda täze dogan Güni, Aýy, sowgat berlen serpaýy maňlaýyňa sylmak ýagşylyga ýorulýar. Bu dessury berjaý eden mährem enelerdir il sylagly ýaşulular bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleriň rowaçlyga beslenmegini dileg etdiler.

Ähli döwrebap şertler we kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman awtobuslaryň gelip gowuşmagy mynasybetli guralan toý dabarasy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Döwletimiz tarapyndan  sowgat berlen täze döwrebap awtobuslar ilkinji ýolagçylary bilen welaýatyň etrapdyr şäherlerine sary ýola düşdi. Dabara gatnaşyjylar täze awtobuslarda uly hoşallyk, belent buýsanç duýgularyny başdan geçirýän ilkinji ýolagçylara ak ýol arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Geljegiň ygtybarly binýady
28.05.2024   27
Jemgyýet Dabaraly duşuşyk
12.02.2023   40
Jemgyýet Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar
03.04.2024   25
Jemgyýet Watanyň mertebe tugy
09.03.2024   79
Jemgyýet Dabarasy dünýä dolan Watanym
26.06.2024   35
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
22.02.2023   36
Jemgyýet 8-nji mart Halkara zenanlar güni
08.03.2024   80
image