Taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar

Ykdysadyýet
30.01.2023  358

Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň daýhanlary täze hasylyň düýbüni tutmak işlerine giň gerim berýärler. Olar 1000 gektar meýdany gowaça çöplerinden doly arassalap, ekiş möwsümine taýýarlyk işlerini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Häzirki wagtda hojalykda sürüm, tekizleme, çil çekmek, ders taýýarlamak ýaly möhüm işler utgaşykly alnyp barylýar.

Hojalykda şu günler alnyp barylýan işleri synlanyňda, täze ýylyň hasylynyň düýbüniň mäkäm tutulýandygyna ynamyň artýar. Möwsümiň möhüm işleriniň hatarynda daýhan birleşiginiň kärendeçileri gyş suwuny tutmak işlerini hem guramaçylykly alyp barýarlar. Yhlas bilen amal edilýän işler olary täze zähmet üstünliklerine ýetirýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Adamzat mirasyna öwrülen gözellikler
20.11.2024   353
Ykdysadyýet Isleg bildirilýän önümler
06.02.2026   194
Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   214
Ykdysadyýet Ak bugdaýyň bol hasyly
04.07.2024   414
Ykdysadyýet Köpçülige derwaýys önümler
31.01.2026   170
Ykdysadyýet Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär
02.07.2024   369
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
27.11.2024   347
image