Taýsyz tagallalaryň ajaýyp netijesi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Taýsyz tagallalaryň ajaýyp netijesi

Sport
13.05.2026  66

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň bibaha baýlygy, göz-guwanjy bolan ahalteke bedewleri diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän çärelere, bäsleşiklere gatnaşyp, halkara abraýa, baş baýraklara mynasyp bolýarlar. Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Gündogaryň merjeni» atly sport we gözellik bäsleşiginde olaryň gazanan uly üstünlikleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu uly halkara gözellik bäsleşiginde ikiýaşar atlaryň arasynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen bedewiniň, alty we ondan uly ýaşar atlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewiniň «Dünýäniň çempiony» we «Gündogaryň merjeni» diýlip yglan edilmegi, Aýgytly diýen bedewiň «Gündogaryň merjeni» atly dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi bolmagy ähli halkymyzy örän begendirdi, başymyzy göge ýetirdi. Bu waka, guwandyryjy ýeňişler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda türkmen bedewleriniň sanyny köpeltmek, olary seýislemek, kämilleşdirmek babatynda döredýän ajaýyp şertleriniň, goldawlarynyň miwesidir.

 

Meňzeş habarlar

Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
20.01.2025   267
Sport Ýetginjek türgeniň ýeňşi
08.05.2024   390
Sport Ilkinji günüň ilkinjileri
16.04.2024   357
Sport Geljegi uly ýaş türgen
09.08.2025   193
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
14.02.2023   361
image