Taýagyň düşen ýeri
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Taýagyň düşen ýeri

Jemgyýet
30.01.2026  87

Günleriň birinde Nalaç baba Allatagaladan dileg edip, özüne, iline bolar ýaly ýer sorapdyr. Ol dilegini edip, ýerinden turuberende, ýetip gelýän adamy görüpdir. Ol adam gele-gelmäne Nalaç babanyň näme iş edip ýörendigi bilen gyzyklanypdyr. Halaç baba-da Allatagaladan hiç kişi bilen dawasy bolmadyk ýer sorandygyny aýdypdyr. Muny eşiden ötegçi adam Nalaç baba garap:

— Hany, eliňdäki taýagyňy maňa ber! Men muny asmana zyňaryn welin, taýagyň düşen ýeri seniňki bolar — diýipdir hem-de aýdyşy ýaly edipdir.

Nalaç baba taýagy gözden ýitirmän, onuň nirä düşenini görjek bolup seredip durşuna ötegçiniň gidenini görmänem galypdyr. Nalaç baba ýaňyja gelen adamyň gelen ugrundan hem giden ugrundan aýak yzyny hem tapmandan soň, onuň Hydyr aleýhyssalamdygyna düşünipdir.

Taýagy gyryň üstüne düşüp, dileginiň Alla tarapyndan kabul bolandygyna şükür edip, begenipdir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýol abat — il abat
17.09.2025   143
Jemgyýet Beýik işlere buýsanç
05.07.2025   191
Jemgyýet Güller — göwünleriň bezegi
18.04.2024   481
Jemgyýet Maşgala gymmatlygy wagyz edilýär
11.10.2024   376
Jemgyýet Baýramçylyk şatlygy
31.12.2024   289
image