«Taý tapylmaz Rum ilinde...»
weather dashoguz 9° C Daşoguz

«Taý tapylmaz Rum ilinde...»

Jemgyýet
01.04.2026  153

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke bedewleriniň at-owazasy, şan-şöhraty dünýä ýüzüne dolýar. Ata-babalarymyzyň tälim-terbiýesi bilen asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen ahalteke bedewleri ynsan oglunyň ýakyn ýoldaşy hasaplanýar. Halkymyzyň gymmatly eposy «Görogly» şadessanynda hem Gyratyň waspy öz beýanyny giňden tapyp, dilden düşmeýär. Görogly atasynyň kömegi bilen söweş ýoldaşy, gaçanda gutarýan, kowsa ýetirýän Gyraty ösdürip ýetişdirýär. Görogly öz atyna «gardaşym, janym Gyratym!» diýip ýüzlenýär. Şeýle-de türkmen halky bedew atlaryny altyn-kümüş bilen bezäpdir. Görogly beg öz Gyratyny şeýle taryplaýar:

Bedewiň asly behiştden,

Berekella, Gyrat saňa!

Nalyň tylladan-kümüşden,

Berekella, Gyrat saňa!

Dessanda Gyrat Göroglynyň başdan-aýak ýakyn hemrasy, halasgäri bolup durýar. Munuň şeýledigi Hüňkar patyşalygyna Göroglynyň Gyraty alyp gaçylanda açyk aýdyň görünýär. Hüňkar patyşa Gyratyň ýyndamlygyna, gözelligine haýran galýar. Hüňkar patyşanyň Japar atly serkerdesi Göroglydan atyna nähili baha berýändigini soranynda, Görogly:

 

Eýer esbaby bilinde,

Taý tapylmaz Rum ilinde,

Jylaw Göroglynyň elinde,

Däh diýende uçar atym —

diýip, Gyratyň Rum ilinde gözelligine, gaýduwsyzlygyna taý ýokdugyny aýdýar. Şundan soň Gyrat Hüňkar patyşanyň galasynyň üstünden uçup geçýär-de, niredesiň Çardagly Çandybil diýip, tozap gaýdyberýär. Görogly Gyratyndan hoşal bolup, oňa guwanýar, buýsanýar.

Türkmen ahalteke bedewleriniň ynsanyň durmuşynda tutýan orny diýseň uly. Nusgawy şahyrymyz Annagylyç Mätäji «Bedew» atly goşgusynda:

Pelläge barsaň, meger, gyzdan gylykly duruşyň

Ýörhä-ýör bolsa ýene, towşan kimindir turuşyň —

diýip, gyz gylykly owadan hem görmegeý bedewlerimiziň tarypyny ýetirýär.

Söz ussady, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem bedew atlar ussatlyk bilen taryplanýar. Şahyryň «Aty gerek» diýen şygrynda:

At gazanan goç ýigidiň

Owwal bedew aty gerek —

diýse, «At ýanynda bellidir» diýen ajaýyp şygrynda bolsa:

Bedew diýgeç, hemme bedew deň bolmaz,

Çyn bedewler meýdanynda bellidir —

diýilýär. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine uly üns berýär. Bedew atlary idetmek, köpeltmek üçin ýörite atçylyk toplumlary döredildi. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Bedew baýramynda at çapyşyklary uludan guralýar. At çapyşyklarynda ezber çapyksuwarlar özleriniň ýelden ýyndam bedew atlary bilen öz ussatlyklaryny görkezýärler. Bu baýramçylyk Diýarymyzyň ähli künjeginde uly ruhubelentlige beslenýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Halkymyzyň jebisliginiň nyşany
20.08.2026   77
Jemgyýet Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
25.07.2024   434
Jemgyýet Kanunlar kämilleşdirilýär
16.01.2026   172
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.04.2026   133
Jemgyýet Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy
14.05.2026   128
Jemgyýet Döwürleriň hem köňülleriň çyragy
23.05.2024   436
Jemgyýet Gadamlaryň batly bolsun, «Galkynyş!»
19.03.2026   162
image