Täsirli geçen maslahat
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Täsirli geçen maslahat

Jemgyýet
16.02.2023  350

Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň Daşoguz welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda, şu bank şahamçasynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda turuwbaşdan bolup geçýän ajaýyp wakalaryň, gazanylýan üstünlikleriň halkymyzy guwandyrýardygy we buýsandyrýandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň halkymyza gowuşmagy iki ýylyň sepgidinde aýratyn ähmiýetli waka boldy. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ähli ugurlarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri, olaryň bagtyýar geljegi barada buýsanç bilen gürrüň berilýär. Munuň özi diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem hemmeleriň başyny göge ýetirýär, ertirki güne ynamyny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky çäksiz aladalary olaryň her biriniň okamaga, işlemäge, hünär öwrenmäge mümkinçiliklerini artdyrýar. Şular barada maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda nygtaldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gyzykly gezelenç çäresi
12.07.2024   375
Jemgyýet Ynsanperwer däpleriň dabaralanmagy
02.04.2025   300
Jemgyýet Kömelek — hem tagam, hem şypa
30.04.2026   34
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
03.08.2024   395
Jemgyýet Ökdeler öňe saýlandy
28.01.2025   289
Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
19.11.2025   110
Jemgyýet Watanyň daýanjy
03.06.2024   370
image