Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly, şöhratly taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, müňlerçe ýylyň dowamynda dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen, netijede, gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen Änew medeniýetine bagyşlanan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, dünýä belli Wadim Masson, Rafael Pampelli, Wiktor Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlar halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edipdirler.
Änew medeniýeti ekerançylygyň irki ojagy, gadymy siwilizasiýanyň sallançagy. Ol ak bugdaýyň asyl mekany hökmünde belli. Änew şäheri paýtagtymyz Aşgabatdan 8 kilometr gündogarda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eramyzdan öňki IV-III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Änew şäheri barada giňişleýin aýdylanda, bu taryhy şäher 1973-nji ýylda döredildi. 2008-nji ýylda bolsa oňa şäher derejesi berildi.
Bu ajaýyp eseriň girişinde türkmen halkynyň özboluşly, baý medeni mirasy, Änew medeniýetiniň Şumer siwilizasiýasynyň döwürdeşi bolandygyny kesgitlemekde R.Pampelli, W.Sarianidi, W.Masson ýaly tanymal alymlaryň mynasyp goşantlary barada gürrüň berilýär. Kitapda degişli ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň iri ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO, şeýle hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine, gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Bu gymmatly eseriň ýaşlarymyzyň medeni mirasymyza bolan söýgüsiniň artmagyna itergi berýän güýçdügini bellemek gerek.
Bäş müň ýyllyk taryhy bolan mukaddes türkmen topragy deňsiz-taýsyz ýadygärliklere baý ýurtdur. Dünýä derejesinde geçirilýän çäreler ene topragymyzyň taryhyň gatlarynda müdimilik ornunyň bardygyny aýdyň görkezýär.
Şeýle taryhy köki bolan mukaddes topragyň ýaşaýjysy bolmak her bir türkmen raýatynyň köňlünde buýsanç duýgularynyň möwç urmagyna sebäp bolýar diýsem ýalňyşmaryn. Taryhymyzy aýap saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek bolsa her birimiziň öňümizde duran mukaddes borçdur.