Taryhy şöhratly Watanyň  gaýratly ýaşlary
weather dashoguz -8° C Daşoguz

Taryhy şöhratly Watanyň  gaýratly ýaşlary

Jemgyýet
27.11.2024  26

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny has-da dabaralandyrmak, täze taryhy döwrüň bagtyýar ýaşlaryny watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Daşoguz welaýat häkimliginiň hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmen halkynyň şöhratly taryhy — Arkadag Serdarly ýaşlaryň beýik buýsanjy» atly maslahat geçirildi.

Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Aşgabat we Arkadag şäher, welaýat geňeşleriniň wekilleri, işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda ýerine ýetirilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza, pederlerimiziň şöhratly taryhyna, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, gazanylýan ösüşlere buýsanýan bagtyýar ýaşlaryň kemala gelýändigi bellenip geçildi. Dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri öz içine alan bu maslahat hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýen ajaýyp sözleriniň işjeň durmuşa ornaşdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Maslahatda şeýle mazmundaky çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň ýaşlaryň ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine, pederlerimiziň şöhratly geçmişine bolan söýgüsini, milli mirasymyza hormat goýmak duýgusyny artdyrmakdaky ähmiýeti hakynda gürrüň edildi.

Maslahatyň dowamy Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan täsirli gezelenç bilen utgaşdy.

***

Daşoguz welaýat kitaphanasynda «Türkmen halkynyň şöhratly taryhy — Arkadag Serdarly ýaşlaryň beýik buýsanjy» atly maslahata gatnaşyjylaryň hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň döredijilik duşuşygy geçirildi. Ajaýyp döwürden ylhamly dörediji ýaşlar Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň jöwher pähim-paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplarynyň egsilmez ylham çeşmesidigi hakynda çykyşlarynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Many-mazmunly çykyşlarda, okalan ajaýyp şygyrlarda kalplary ylhamly ýaşlaryň ýürek buýsançlary öz beýanyny tapdy. Ajaýyp şygyrlar täze döwürde ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň, barha artýan ykdysady kuwwatynyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda öňe sürýän başlangyçlarynyň, ägirt uly özgertmeleriniň çeper beýanyna öwrüldi.

Maslahata gatnaşyjylaryň hem-de bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerindäki taryhy ýadygärliklere guralan gezelenç dabaraly çäreleriň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

image