Taryhy maslahat — geljege nazar
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Taryhy maslahat — geljege nazar

Jemgyýet
04.08.2025  249

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul edilen «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň esasynda bu maslahatyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgustynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi mynasybetli hem-de onuň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksadynda guralýan dabaralar, çäreler, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynda, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Golaýda şeýle dabaralaryň biri Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň şäher komitetiniň guramagynda, «Awaza forumy — durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» diýen at bilen häkimligiň mejlisler zalynda geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler BMG-niň bu iri halkara maslahatyny ýokary derejede geçirmek barada hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýunda gol çeken Kararyny ýerine ýetirmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň 13-nji iýundaky mejlisinde öňde goýan wezipeleri dogrusynda gürrüň berdiler. Şonuň bilen birlikde-de, çykyşlaryň dowamynda «Awaza» forumynyň dünýä döwletleriniň özara bähbitli gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagynda, ykdysady ösüşlerine möhüm goldaw berilmeginde, ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmeginde örän uly ähmiýetiniň bardygy guwanç bilen bellenildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlyk
05.08.2025   236
Jemgyýet Aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty
29.06.2026   81
Jemgyýet Ökdeler öňe saýlandy
28.01.2025   350
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
16.08.2024   359
Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
19.09.2024   608
Jemgyýet Ýollarymyz asuda bolsun
23.09.2025   174
image