Taryhy geçmişiň şaýady
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Taryhy geçmişiň şaýady

Jemgyýet
01.05.2026  97

Arhiwler diňe bir resminama kagyzlaryň saklanýan ýeri bolman, eýsem, döwletimiziň taryhy hakydasy hem-de medeniýetiň gymmatly hazynasydyr. Arhiw işiniň kämilleşdirilmegi we bu ugurdaky işiň dogry dolandyrylmagy geljekki nesiller üçin geçmişiň gymmatly maglumatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Halkyň taryhy ýoluny, medeni mirasyny we döwletiň ösüş basgançaklaryny öwrenmekde arhiw resminamalarynyň orny bellärliklidir. Arhiw işi — bu diňe bir köne resminamalary toplamak we saklamak däl, eýsem, her bir waka hakdaky resminama arkaly taryhy hakykaty dikeltmek we ony gorap saklamakdyr.

Arhiwlerde saklanylýan her bir golýazma, her bir surat we resmi hat halkymyzyň geçen ýolunyň şaýadydyr. Hususan-da, edebi mirasymyzy, meşhur şahsyýetlerimiziň durmuş we döredijilik ýoluny öwrenmekde arhiwler esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Arhiw işgärleriniň yhlasy bilen saklanyp galan maglumatlar geçmişi öwrenmek üçin ygtybarly çeşmedir.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet arhiw gullugyny kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Arhiw jemgyýetiň hakyky pasportydyr. Ony goramak, baýlaşdyrmak we geljekki nesillere ýetirmek bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň mukaddes borjudyr.

Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi, arhiw materiallarynyň elektron nusgasynyň döredilmegi bilen, maglumatlara elýeterlilik artyp, taryhy resminamalaryň ömri uzalýar.

Jemläp aýdanymyzda, arhiw resminamalary diňe bir taryhyň saralyp giden sahypalary bolman, eýsem, biziň milli mirasymyzyň hakyky şaýadydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gymmatly eseriň buýsançly söhbedi
12.04.2024   453
Jemgyýet Kümüşden dokalan nepislik
06.04.2026   96
Jemgyýet Şu günki yhlas — ertirki üstünlik
04.04.2024   427
Jemgyýet Ýurdumyzyň beýik taglymaty
17.06.2025   290
Jemgyýet «Taý tapylmaz Rum ilinde...»
01.04.2026   110
Jemgyýet Ýaş lukmanyň täzeçil gözlegleri
30.04.2024   440
Jemgyýet Mertebeli menzilleriň şatlygy
04.04.2025   370
Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   403
image