Pähim-paýhas ummanyna sarpanyň beýany
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny halk köpçüligine tanyşdyrmak maksady bilen giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan dabaralar işjeň häsiýete eýe bolmak bilen, bagtyýar raýatlarymyzyň egsilmez ýürek buýsançlaryna beslenýär. Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy hem uly ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýatdaky edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyz, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyş edenler beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenen şanly ýylyň ahyrynda bagtyýar halkymyza gowşan kitabyň Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine akyl ýetirmek babatdaky edebi-çeper, pelsepewi ähmiýeti hakynda söhbet etdiler. Şahyryň edebi-döredijilik mirasynyň ylmy esasda öwrenilişi, şygyrlaryndaky ynsanperwer garaýyşlaryň gymmaty hakynda giňişleýin beýan edilýän bu kitaby okan her bir ynsan Magtymguly Pyragynyň dünýäniň beýik akyldarydygyna ýene bir ýola aýdyň göz ýetirýär. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň çäginde hem-de dost-doganlyk ýurtlarda geçirilen halkara ähmiýetli çärelerdir dabaralar hem akyldar şahyryň edebi mirasynyň umumadamzat ähmiýetini doly şöhlelendirýär. Türkmen, rus we iňlis dilinde çap edilen kitapda bu halkara çäreler hakynda hem giňişleýin beýan edilýär. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralar bilen utgaşyp gitmeginiň özboluşly sazlaşyga we çuň mazmuna eýedigi hakynda nygtaldy. Şanly ýyllaryň sepgidinde halkymyzyň eline gowşan bu ajaýyp kitabyň bolsa şol baglanyşygy alamatlandyrýan ajaýyp serpaý bolandygy hakynda aýdyldy.