Tanyşdyrylyş dabarasy
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Tanyşdyrylyş dabarasy

Jemgyýet
20.12.2024  288

Şöhratly taryhyň buýsançly söhbedi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabara geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar hem-de il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy, milli we ruhy gymmatlyklar hakynda söhbet açýandygyny nygtadylar. Kitapda ynsan kalbyny ýagşylyklara, älemi gowulyga atarýan, ata Watana, il-güne bolan belent söýgi, terbiýeçilik ähmiýetli gymmatly pikirler täsirli beýan edilýär.

Eser girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda bäş bölümiň üsti bilen türkmen halkynyň geçmişde döreden beýik döwletleri we baý taryhy ýoly barada, «Ruhy miras» babynda bolsa halkymyzyň baý medeni gymmatlyklary hakynda söhbet edilýär. Halkymyzyň döredijilik mirasynyň bu günki gün dünýäniň baý medeni mirasyna ägirt uly goşant goşýandygy bilen Ýer ýüzünde belent abraýa eýe bolýandygy dogrusynda belläp geçdiler.

Welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Tanyşdyrylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
29.04.2024   476
Jemgyýet Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspy
21.02.2023   362
Jemgyýet Sagdynlyk — bagtyýarlyk, ruhubelentlik
15.07.2025   177
Jemgyýet Dost-doganlygyň binýady
09.01.2026   87
Jemgyýet «Edepli ile ýarar»
06.05.2025   251
Jemgyýet Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda
16.08.2025   186
image