Talyplar bäsleşdiler
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Talyplar bäsleşdiler

Jemgyýet
26.12.2025  116

Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň üsti bilen çeper we ylmy edebiýata söýgini ösdürmek, milliligi wagyz etmek, ýokary ahlak, ynsanperwerlik ýörelgelerini talyp ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen bäsleşik geçirildi.

Onda  mekdebiň usuly birleşmeleri tarapyndan düzülen alty sany topar özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä,  talyplar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri esasynda taýýarlanan edebi çykyşlary, sahna eserleri bilen çykyş etdiler. Terbiýeçilik ähmiýeti öňe sürlen bu çykyşlar has-da täsirli boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary esasynda taýýarlanylan test sowallaryna jogap berdiler.

Bäsleşigiň baş baýragyna mekdebiň matematika usuly birleşmesiniň talyplary mynasyp boldular, jemgyýetçilik we tebigat bilimleri usuly birleşmesiniň talyplary birinji orna, pedagogika we psihologiýa usuly birleşmesiniň talyplary ikinji orna, iňlis dili usuly birleşmesiniň talyplary üçünji orna, türkmen dili we edebiýaty hem-de rus dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň talyplary höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti
02.06.2026   14
Jemgyýet Aýlaryň serweri
23.02.2026   69
Jemgyýet Göwünleri galkyndyran möhüm waka
28.10.2025   132
Jemgyýet Milli buýsanjymyza hormat
22.10.2024   300
Jemgyýet Ählumumy abadançylygyň hatyrasyna
04.04.2026   44
Jemgyýet Akyldaryň döredijiligine bagyşlandy
20.03.2024   475
image