Tagamly çörek önümleri — saçaklarymyzyň berekedi
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Tagamly çörek önümleri — saçaklarymyzyň berekedi

Ykdysadyýet
20.11.2025  115

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Köneürgençgallaönümleri» kärhanasynyň çörek bişirilýän sehiniň çörek önümleri alyjylaryň arasynda ýokary islegden peýdalanýar. Häzirki zaman kämil tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, alyjylaryň islegi nazara alnyp, önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy olaryň gazanýan durnukly görkezijileriniň esasy çeşmesi bolup durýar.

Şu ýylyň geçen 9 aýynda sehiň zähmetsöýer agzalary 552 tonna 351 kilogram çörek önümlerini öndürdiler. Häzirki günde bu ýerde çörek önümleriniň 5 görnüşi öndürilýär. Ýokary görnüşli undan bişirilýän «Höwesli», «Toý külçe» galyp çörekleri, «Ahal» tamdyr çöregi we «Garaşsyzlyk» batony ýaly tagamly önümler alyjylar tarapyndan has uly isleg bilen satyn alynýar.

Elbetde, bu ýerde çykarylýan önümleriň sarp edijileriň arasynda islegli haryda öwrülmegi, ilkinji nobatda, kärhanada zähmet çekýän işçileriň ussatlygyna bagly. Zähmet toparynyň çörek bişirijileri Akmyrat Täşliýew, Maksat Gurbanow, Begmyrat Tekäýew hem-de tamdyrda çörek bişirijiler Bahar Amangeldiýewa, Şemşat Gylyçgurbanowa dagy özlerini önümçilikde hakyky ussatlar hökmünde görkezýärler.

Indi, tas 30 ýyl çemesi wagt bäri önümçilik sehinde dürli görnüşli çörek önümleri bişirilýär. Şunlukda, agzybir işgärleriň tagallasy bilen her günde 2 tonnadan gowrak dürli agramdaky çörek önümleri öndürilýär.Ýokary hilli çörek önümleri kärhananyň söwda nokatlarynyň üçüsiniň üsti bilen alyjylara ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, her gün Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda ýerleşen harby bölümlere, çagalar baglaryna hem-de etrabyň pagta egriji fabrigine ugradylýar. Geljekde çörek önümleriniň täze görnüşlerini alyjylara hödürlemek meýilleşdirilýär. Nesip bolsa, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllyk toý dabarasyny kärhananyň işgärleri zähmet üstünlikleri bilen garşylarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda
14.03.2025   250
Ykdysadyýet Yhlas — üstünligiň açary
18.10.2024   217
Ykdysadyýet Baglar durmuşyň bezegidir
13.05.2025   197
Ykdysadyýet Ýokary hilli süýt önümleri
25.11.2024   372
Ykdysadyýet Hatarara bejergi geçirilýär
01.05.2024   290
Ykdysadyýet Obanyň özgerýän keşbi
03.07.2024   337
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görülýär
19.04.2024   304
image