Syýasy waka bagyşlandy
weather dashoguz 6° C Daşoguz

Syýasy waka bagyşlandy

Jemgyýet
07.08.2025  309

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda Daşoguz şäherinde hem-de ähli etraplarda işjeň zenanlaryň gatnaşmagynda dabaraly maslahatlar geçirildi.

Şolaryň biri Şabat etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilip, oňa mährem eneler, etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Bitarap döwletimiz bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açjak bu forumyň ähmiýeti barada buýsançly gürrüň etdiler. Ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge, uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň täze hem möhüm ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli syýasy wakalaryň hatarynda zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň geçirilmeginiň gender syýasatynyň işjeň häsiýetde durmuşa geçirilýändigini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Şeýle hem döwlet durmuşynda zenanlaryň orny, olaryň işjeňligini ösdürmekde alnyp barylýan işler dogrusynda uly buýsanç bilen bellenildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip
05.07.2024   485
Jemgyýet Bilimli nesil hakynda alada
30.06.2025   344
Jemgyýet Bedew atyň tarypyny aýdaly
15.04.2024   572
Jemgyýet Garaşsyzlygyň eçilen bagty
05.11.2026   41
Jemgyýet Umumymilli forumyň möhüm ähmiýeti
01.08.2026   141
Jemgyýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
14.05.2025   434
Jemgyýet Dünýä rekordyny täzelän ildeşimiz
04.10.2024   385
Jemgyýet Döwletli tutumlar wagyz edildi
23.10.2025   243
image