Syýasy işjeňlik — döwre ýaraşyk
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Syýasy işjeňlik — döwre ýaraşyk

Jemgyýet
28.03.2025  312

Beýleki jemgyýetçilik guramalar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Görogly etrap komiteti tarapyndan hem milli ýörelgelerimize esaslanýan demokratiýamyzy dabaralandyrmak, raýatlaryň arasynda watanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işler meýilnama esasynda yzygiderlilikde durmuşa geçirilýär.

Düzüminde 105 sany ilkinji partiýa guramasyny, 3754 agzany jemleýän etrap partiýa komiteti we onuň ähli ilkinji partiýa guramalary etrap häkimligi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda, guramalarda, geňeşliklerde, bilim-terbiýeçilik edaralarynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň many-mazmunyny düşündirmek, ilatyň ähli gatlaklaryny bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta çekmek, agzybir jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek babatda syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini yzygider geçirýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ajaýyp şygryň nurly ýalkymy
17.01.2025   363
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
18.03.2026   61
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.08.2025   155
Jemgyýet «Myradym nesihat etmekdir halka»
09.07.2024   346
Jemgyýet Bedew ýylynyň ýorgudy
27.12.2025   163
Jemgyýet Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
04.02.2023   444
image