Şypaly hem lezzetli
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Şypaly hem lezzetli

Ykdysadyýet
21.10.2025  127

Hoşboý ysly, baldan süýji, düzüminde köp mukdarda witaminleri, peýdaly maddalary saklaýan datly gawunyň düzüminde köp mukdarda organiki suwlar, krahmal, şeker, beloklar, uglewodlar, iýmit kletçatkalary bar, witaminler kaliý, magniý, foliý turşusy, fosfor, kalsiý, kremniý, erkin organiki kislotalar saklanýar. Şeýle hem ol adamyň ýatkeşligini gowulandyrýar we nerw ulgamyny dartgynlykdan goraýar. Köp mukdarda düzüminde askorbin turşusyny (С witamini) saklaýan gawun adam bedeni üçin peýdalydyr. Gawunyň düzüminde kremniý we demir elementleri hem ýeterlik mukdarda saklanýar, bu bolsa adamyň derisiniň çeýe we owadan öwüşginli, saçlaryň has berk, gözel we sagdyn bolmagyna täsir edýär. Magniý mikroelementiniň hem gawunyň düzüminde saklanmagy adamyň ýürek dokumalarynyň we gan-damar ulgamynyň kadaly işjeňligini üpjün edýär. Halk lukmançylygynda gawun birnäçe sökellikleri bejermekde ulanylypdyr. Düzüminde köp sanly mikroelementleriň, witaminleriň bardygy sebäpli gawun umumy gurplandyryjy, keýpi çaglaýjy, ýadawlygy aýryjy, nerw ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyryjy ýaly häsiýetlere hem eýedir. Gawunyň iç ýumşadyjy häsiýetiniň ýokarydygy sebäpli aşa semizlikden saplanmak üçin iýmek maslahat berilýär.

Gawunyň adam bedenine peýdaly taraplary köp bolsa-da, ony aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň baş kesellerinde, süýjüli diabetde, käbir beýleki sökelliklerde iýmek maslahat berilmeýär.

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar
04.04.2026   33
Ykdysadyýet Hasyl ussady bilen duşuşyk
29.09.2025   105
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki aladalar
23.08.2025   186
Ykdysadyýet Şu günki alada — ertirki hasyl
15.01.2026   93
Ykdysadyýet Bol hasyl ugrunda
31.03.2025   261
Ykdysadyýet Ak pagta — milli baýlygymyz
12.09.2024   290
Ykdysadyýet Bugdaý ekişiniň depgini ýokary
22.10.2025   110
image