Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň taryhynda täze sahypa açýar. Şahyr öz eserlerini halka düşnükli, sada dilde ýazypdyr. Şoňa görä-de, onuň goşgulary halk aýdymlaryna öwrülip gidipdir. Magtymgulynyň dünýägaraýşy we ideýalary ähli döwürde hem bütin adamzada ýakyn we düşnüklidir. Ol umumadamzat şahyrydyr. Şahyr öz eserlerinde halka hyzmat etmegi, adamkärçiligi, ata-enä hormat goýmagy, ulyny sylamagy ündäpdir:
Edebiň ýagşysy ulyny syla,
Ulyny ynjytmak kiçä ýaraşmaz.
Magtymguly ýigide gowy gylyk-häsiýetleri, ynsanperwerligi, tertip-düzgünliligi, birek-biregi sylamaklygy, mylakatlylygy, salyhatlylygy, sypaýylygy, kiçigöwünliligi öwüt-ündew edýär. Şahyryň edep-ekrama, ahlak sypatlaryna ýugrulan goşgy setirlerinde umman ýaly dürdäne manylar bar. Akyldar şahyr ýigidiň il arzuwlaýan ýagşy ynsan hökmünde orta çykmagynda mertlik, sadalyk, paýhaslylyk, gaýratlylyk we namysjaňlyk ýaly häsiýetleriň saldamyny açyp görkezýär. Magtymguly ýigidiň çeper keşbini janlandyrmak bilen, onuň ahlak sypatlaryny kesgitläp, şeýle diýýär:
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turuşyn görüň!
Ýa-da:
Aryf bolsaň, aslyn sorma ýigidiň,
Edebinde, ekramynda bellidir...
Türkmeniň ganyna siňen myhmansöýerlik däbi örän gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýändir. Magtymguly hem şygryýet äleminde myhmansöýerlik däbini beýleki ugurlardan pes goýmandyr. Şahyr bu häsiýeti ýigide mahsus görmek bilen, ony mertligiň nyşany hökmünde nygtaýar. Pyragy bu meselede halk döredijiliginiň gyzyla gaplaýmaly «Myhman — ataňdan uly», «Gelen — döwlet, giden — mähnet», «Tabagyňda aş eýle, myhman göwnün hoş eýle!» ýaly parasatly atalar sözleridir nakyllaryny nusga hökmünde ulanýar, parasatly sözleriň düýpsüz ummanyna akyl ýetiren şahyr ýigide hem şeýle öwüt berýär:
Gelen aş diýp gelmez, turşutmagyl ýüz,
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr.
Magtymguly Pyragy myhmansöýerlik häsiýetini ynsanyň ahlak borjy diýip düşündirýär. Ata-babalarymyzyň aýdyp geçen «Myhman geler işikden, rysgy geler deşikden» diýen ajaýyp parasatly sözlerinden ugur alsak myhman kabul etmek, oňa hezzet-hormat etmek — bu ynsanyň ahlak sypatlarynyň naýbaşylarynyň biridir. Şahyr öz şygyrlarynda:
It gözlemez, pişik bakmaz,
Saçak ýazylmagan ýerde —
diýmek bilen, myhmana hezzet-hormat edilmezligini örän berk ýazgarýar. Beýik akyldaryň öňe sürýän pikirlerinde esasy wezipe adamlary kämil şahsyýet derejesinde terbiýelemekden ybarat bolup durýar.