Süýtli külçe
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Süýtli külçe

Ykdysadyýet
10.06.2025  178

Ata-babalarymyzyň miras goýup giden nakyllarydyr dana sözleri, edim-gylymlary biziň üçin edep mekdebidir. Türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň haýsysyny alanyňda-da, özeninde çuňňur mana ýugrulan edep-terbiýe, Watana, il-günüňe bolan söýgi, goç ýigide mahsus mertlik, batyrlyk, halallyk ýaly häsiýetleri kemala getirýän ahlak sypatlarynyň jemlenendigini görmek bolýar.

Halkymyzda süýtli külçe bilen bagly hem birnäçe däp-dessurlar bar. Biri uzak ýola sapara gideninde, onuň ýanyna süýde ýugrulan külçe salyp goýberilýär. Onuň tagamynyň artykmaçlygy, birnäçe gün gataman durýandygy, wagtyň geçmegi bilen heňlemeýändigi, gatandan soňam suwa batyranyňda tiz ýumşap, tagamly bolýandygy ýaly aýratynlyklar, megerem, uzak ýola ugraýan ýolagçynyň ýanyna külçe salnyp goýberilmeginiň sebäpleri bolsa gerek. Şeýle-de nanyň ýolagçynyň hemrasy bolup, ony dürli bela-beterlerden goraýandygy, işiniň rowaç bolup, sag-aman yzyna dolanmagyny dileg edip durýandygy barada yrymlar bar. Halk rowaýatlarynda uzak ýola atly gidilen halatynda ýolda dem-dynç alnan wagty ata ýürekse bolar ýaly, ýolagçynyň ýanyndaky külçesinden atyna-da bölüp berýändigi barada aýdylýanlara duşmak bolýar. Bu bolsa külçe bilen bagly däp-dessuryň örän gadymdan gelýändigini aňladýar.

Watan gullugyna gidýän ýigitleriň ýanyna süýtli külçe bişirip salmak däbi bar. Onuň bir jübütini bolsa öýüň töründe haltajykda goýupdyrlar. Şol külçe ýigit gulluk borjuny berjaý edip gelýänçä asylgy durupdyr. Ýigit Watan gullugyndan sag-aman dolanyp geleninde, kim ilkinji bolup şol külçäni alsa, ýigidiň ene-atasy oňa öňden taýýarlap goýan sowgadyny berer eken. Soňra bolsa ýigidiň dogan-garyndaşlary şol külçeden dadyp, ony sag-aman gelendigi bilen gutlap, töwir eder ekenler. Ene-mamalarymyz muny: «Törde asylgy duran jübüt külçe oglumyzyň sag-aman gaýdyp gelmegini dileg edip durýar» diýip düşündirerdiler.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Döwrebap kärhananyň üstünlikleri
13.05.2023   314
Ykdysadyýet Gowaça bejergisiniň depgini ýokary
08.05.2025   172
Ykdysadyýet ​​​​​​​Bank ulgamy
27.02.2025   248
Ykdysadyýet «Ak altynda» hümmet bar
31.10.2024   209
Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan
25.04.2024   288
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi ýokary depginde
10.08.2024   324
Ykdysadyýet Gyzgalaňly günleriň zähmet joşguny
26.08.2025   153
image