Suwuň gaýmagy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Suwuň gaýmagy

Medeniýet
23.09.2025  229

Bu söz düzümi geňräk görünse-de, sözüň hakyky manysynda bar zat. Enelerimiz her gün irden, ilden öňürti, golaýyndaky guýudan içimlik suw getiripdirler. Şoňa-da «suwuň gaýmagy» diýerdiler. Gijesi bilen dynçlykda duran guýy suwunyň iň gowy ýeri ýüzüne galkýan eken. Şol suwy birinji bolup baran alýan eken. Bu tejribe öňden bar hem bolsa, gulagyna ilenler ondan peýdalanypdyrlar. Bilmeýän gelinler: «Näme barka, gara daňdandan guýa gidip, ertirligini agşam taýýarlap goýmaly ahyry» diýip, öýüň başga işleri bilen bolýan ekenler.

Akyp ýatan bulanyk suwlaryň ýüzündäki buzlaryň durlanyp doňýandygyny, şor suwlaryň ýüzüne galkyp, doňan buzlaryň hem, zerurlyk bolanda, içmäge ýaramlydygyny synçy adamlar bilýändirler. Ýaplarda galan ýata suwlaryň buzuny alyp peýdalanýan adamlary özümiz hem bilýäris. Herhal, suwuň iň arassa, dury, süýji ýeri ýüzüne galkýan eken.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Görelde mekdebi
26.11.2025   239
Medeniýet Hywany baglan owazlar
10.05.2025   483
Medeniýet Bir söýginiň kyssasy
19.10.2024   599
Medeniýet Agajy işläp bejermek sungaty
02.01.2023   748
Medeniýet Edebiýatyň parlak ýyldyzy
13.05.2024   632
Medeniýet «Agşam bir gyz gopuz çaldy...»
27.10.2025   350
Medeniýet «Ýaňlan, Diýarym!  — 2026»
04.08.2026   107
image