Suwda seresap bolmaly
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Suwda seresap bolmaly

Jemgyýet
24.06.2025  236

Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär, ony talabalaýyk guramak babatda ýerlerde derwaýys çäreler geçirilýär. Golaýda şeýle çäre  «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda guralyp, ol suwda ägä bolmak meselesine bagyşlandy. Çärede Daşoguz welaýat Suwda halas ediş müdirliginiň başlygy Baýram Myradow, welaýat Raýat goranyşy we halas ediş müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri, kapitan Mekan Arazweliýew, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlar bölümçesiniň müdiri Orazmet Orazmedow we beýlekiler çykyş etdiler. Olaryň aýdanlaryndan görnüşi ýaly, tomus paslynda çagalar dynç almagyň bir görnüşi hökmünde suwa düşmegi halaýarlar. Şonda olaryň örän ägä, seresap bolmaklary zerurdyr. Çagalar rugsat edilmedik, nätanyş ýerlerde suwa düşmeli däldirler. Köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde hem olaryň arasynda düşündiriş işleri alnyp barylmalydyr. Munuň özi çagalaryň saglygyny goramakda, suwa düşmek bilen baglanyşykly hadysalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hoş geldiň sen, Täze ýyl!
08.01.2025   471
Jemgyýet Tüwi iýen taplanar
10.05.2026   41
Jemgyýet Buýsançly günleriň joşguny
17.01.2026   104
Jemgyýet «Galkynyşyň» galkynyşly menzili
06.02.2026   110
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
15.09.2025   154
Jemgyýet Sagdyn durmuş — ömrüň bezegi
13.02.2026   65
image