Suwda seresap bolmaly!
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Suwda seresap bolmaly!

Jemgyýet
12.05.2025  329

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň döwrebap dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda dürli ýerlerde çagalaryň dynç alyş merkezleri hereket edýär. Olarda ýaş nesliň döwrebap ösmegi üçin hemme mümkinçilikler bar.

Jöwzaly tomus günleriniň başlanmagy bilen, suwa düşülýän möwsümiň açylýandygyny-da aýtmak gerek. Bu döwürde çagalar suwa düşenlerinde howpsuzlyk düzgünleriniň berk berjaý edilmelidigini ýatladýarys. Suwa ýörite bellenilen, rugsat berlen, ýapgyt kenarly, çägesöw ýerlerde düşülse amatly bolar. Suwa düşülmezden öňürti gowy ýüzüp bilýänler suwa girip, howply zatlaryň ýokdugyna anyk göz ýetirmeli. Körpelere gaýyklaryň üstünden, kenarlardan, köprülerden suwa bökmegiň howpludygyny düşündirmeli.

Nätanyş, öň barlanmadyk ýerlerde suwa düşmegiň gadagandygyny çagalara yzygiderli ýatladyp durmaly. Suwa düşmäge topar-topar bolup gelýän çagalar özleriniň topar ýolbaşçysynyň görkezmesi bilen, rugsat berlen ýeri saýlap almalydyrlar. Şonda ýolbaşçy olara kenardan daşa ýüzmezligi, bir-birini gözden salmazlygy, akymyň garşysyna gitmezligi, suwa uzak wagtlap düşmegiň ysgyndan gaçyrýandygyny, gadagan edilen ýerlerde ýuwunmagyň kada laýyk gelmeýändigini düşündirmeli. Şeýle edilende betbagtçylykly hadysalar ýüze çykmaz we howply ýagdaýlaryň öňi alnar.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň howpsuz, hadysasyz geçmegi üçin diňe bir ene-atalaryň däl, eýsem, hemmeleriň hem alada etmegi zerurdyr. Suwda halas ediş müdirligimiziň işgärleri bu ugurda ähli tagallalary edýärler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
30.11.2024   425
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur
05.08.2026   70
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
02.09.2025   239
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
13.02.2023   582
Jemgyýet Nurana ýoluň çeper beýany
17.12.2025   210
image