Suw boýunda biten garaja tal
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Suw boýunda biten garaja tal

Jemgyýet
24.01.2026  179

Ýer sorandaky dilegi kabul bolan Nalaç baba ony suwarmagyň aladasyny edip başlapdyr. Gyryň düýbünden diýen ýaly akyp ýatan derýanyň suwuny bolsa eňilip seredeniňde zordan görüp bolýar. Her näme-de bolsa, şondan başga suw ýok.

Nalaç baba özüniň akyl-parasady bilen kyrk jykyr arkaly maksada ýetip boljakdygyny hasaplap çykarypdyr. Şol işiň gurluşygyna hem başlapdyr. Her jykyra digerleri berkidip-daňyp başlapdyr. Taýýarlan başga zatlary ýeterlik bolsa-da, diger daňylýan ýüp gutaryp galypdyr. Şonda Nalaç baba:

— Allajan, özüňden medet! Indi nä alaç ederin? — diýip zeýrenip durka, «Suw boýunda biten garaja tal» diýen ses eşidilipdir.

Nalaç baba akar suwuň boýunda biten gara söwüdiň talyny kesip alyp, gabygyny aýran dessine onuň bilen digerleri daňsa, ýüp bilen daňandan hem ileri boljakdygyna aň ýetiripdir. Şeýle hem edipdir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   354
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
16.08.2024   393
Jemgyýet Hakdan halatly ene
02.07.2025   353
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
22.02.2025   398
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edildi
21.06.2024   476
Jemgyýet Il saglygy – ýurt baýlygy
06.07.2024   505
Jemgyýet Ajaýyp şygryň nurly ýalkymy
17.01.2025   451
image