Sürüm ýokary depginde
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Sürüm ýokary depginde

Ykdysadyýet
12.07.2025  261

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bereketli bugdaý hasylynyň ýygnalan meýdanlarynda Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň mehanizatorlary sürüm işlerini geçirýärler. Bu babatda Şabat etrabynda alnyp barylýan işler hem ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň kuwwatly traktorlarynyň 20-den gowragynyň güýjünden öndürijilikli peýdalanylyp, her gün ýüzlerçe gektar meýdanda bu çäre agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilýär. Sürümiň ýokary depginde dowam etdirilmegine kärhananyň tejribeli mehanizatorlaryndan Şahruh Reýimbaýew, Haýrulla Allamow, Allaberen Ýoldaşow, Jöwlan Täjimow we beýlekiler has-da uly goşant goşýarlar. Şeýlelikde, şu mahala çenli etrabyň «Gülüstan», «Dostluk», «Medeniýet» daýhan birleşikleriniň, S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynyň köp böleginde sürüm işiniň göwnejaý guralyp, oňat netijeleriň gazanylandygyny aýtmak bolar. Bu möhüm çäräniň talabalaýyk alnyp barylmagynda traktorlara hem-de olaryň iş gurallaryna ýangyç-tehniki hyzmatlaryň iş üstünde ýola goýulmagy, mehanizatorlar üçin oňaýly dynç alyş şertleriniň döredilmegi öndürijiligi artdyryp, oňat netijeleri berýär. Şunlukda, etrapda galla meýdanlaryny güýzki bugdaý ekişi möwsümine birkemsiz taýýarlamakda esasy çäreleriň biri hasaplanylýan şüdügär sürümini bellenilen möhletlerde tamamlamaga mümkinçilik bar. Bu bolsa soňraky çärelere irki döwürlerde girişmäge ýol açar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Zeminiň ýaraşygy
17.03.2026   147
Ykdysadyýet Asyryň taslamasy
29.10.2025   187
Ykdysadyýet Ulgam ösüş ýolunda
15.12.2023   358
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň ýokary hilli önümleri
07.03.2025   284
Ykdysadyýet Belent maksada eýerip
13.06.2025   228
Ykdysadyýet Gök ekinleriň idegi ýetirilýär
05.06.2024   399
Ykdysadyýet Meýdanlara görk berýän maýsalar
15.11.2025   171
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   50
image