Sürüm işleri ýokary depginde
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Sürüm işleri ýokary depginde

Ykdysadyýet
28.11.2024  367

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen «ak altyny» iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmaklygy öndürijilikli dowam etdirýän Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlary, şol bir wagtyň özünde, hasyldan boşan meýdanlarda sürüm işlerine hem agzybirlik bilen girişip, bu derwaýys çäräniň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Bu babatda olara etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň mehanizatorlarynyň uly goldaw berýändiklerini bellemek bolar.

Daşoguz welaýatynyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde hem şu ýylyň sürüm möwsümine öz wagtynda badalga berlip, ilkinji günlerden onuň depgini ýokary göterildi. Birleşigiň baş agronomy Jumageldi Çülliýewiň aýtmagyna görä,1600 gektardan gowrak meýdanda sürüm işlerini geçirmek wezipesi öňde durýar. Şondan ugur almak bilen, gowaça çöpünden arassalanan meýdanlarda bu işiň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin birkemsiz taýýarlyk görüldi. Bu hem sürümiň öndürijilikli dowam etdirilmegine, hiliniň ýokary bolmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy
12.12.2024   369
Ykdysadyýet Ykdysady ulgamdaky sanly özgertmeler
12.06.2023   444
Ykdysadyýet Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
18.07.2024   354
Ykdysadyýet Isleg bildirilýän önümler
06.02.2026   194
Ykdysadyýet Şaly hasyly ýygnalýar
16.10.2024   372
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   316
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
16.07.2026   118
image